Russiýada Norwegiýanyň bir raýaty tussag edildi

Russiýada Norwegiýanyň bir raýaty içalylyk etmek bilen aýyplanyp tussag edildi

871775
Russiýada Norwegiýanyň bir raýaty tussag edildi

Norwegiýanyň döwlet telewideniýesi NRK-nyň berýän habaryna görä Russiýanyň Federal howpsyzlyk gullugy FSB-nyň içalylyk etmek bilen aýyplap, norwegiýaly bir adamy tussag etdi.

Habarda tussag edilen norwegiýalynyň Russiýanyň harby flotyna degişli gizlin maglumatlary ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugyna bermek bilen aýyplanýar.

Norwegiýanyň Daşary işler ministrligi Norwegiýanyň raýatynyň içalylyk sebäpli tussag edilendigini tassyklady, emma ol adam barada maglumat bermedi.


Etiketkalar: #Norwegiýa , #Russiýa

Degişli Habarlar