“Russiýa aragatnaşyk liniýalaryna hüjüm edip biler”

Britaniýa Russiýanyň aragatnaşyk liniýalaryna hüjüm edip biljekdigi barada duýduryş berdi

869401
“Russiýa aragatnaşyk liniýalaryna hüjüm edip biler”

Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlyk çuňlaşýar.

Britaniýanyň Baş ştabynyň başlygy Stýuart William Piç Russiýanyň ABŞ bilen Ýewropany biri-biri bilen birleşdirýän we internet üçin möhüm bolan deňiz asty kabelleriň howpsyzlygyna howp salyp biljekdigini öňe sürdi.

Britaniýaly serkerde okeanyň düýbündäki aragatnaşyk liniýalarynyň goralmagynyň wajypdygyny belledi.

Russiýanyň deňizasty gämileriniň we razwedka gämileriniň suwyň aşagyndakyinternet kabellerine zeper ýetirip bilmek mümkinçiligine eýedigi habar berildi.

Günbatarly razwedka gulluklarynyň resmileri ruslaryň Demirgazyk buzly okeandaky, Demirgazyk-gündogar Aziýadaky we Amerikanyň kenarlaryndaky internet kabellerine golaýlaşandygyny belleýärler.

Emma Russiýanyň kabellere zeper ýetirendigi barada hiç hili subutnama ýok.

Okeanyň aşagyndaky kabellere wagtal-wagtal tötänleýin ýa-da tebigy apatlar sebäpli zeper ýetip bilýär.  

Emma bilkastlaýyn bir hüjümiň global aragatnaşyk bilen birlikde ykdysadyýete hem zeper ýetirip biljekdigi barada duýduryş berilýär.



Degişli Habarlar