Zaharowa: “Siriýanyň Milli Dialog Kongresi üçin taýarlyklar dowam edýär”

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Soçide geçiriljek Siriýanyň Milli Dialog Kongresi üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini, gatnaşyjylaryň sanawy boýunça dürli taraplar bilen geňeşilýändigini aýtdy

868092
Zaharowa: “Siriýanyň Milli Dialog Kongresi üçin taýarlyklar dowam edýär”

Zaharowa žurnalistleriň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Russiýa berdik diýen sanawy baradaky soraga; “Sanawyň alynyp alynmandygy barada mende maglumat ýok. Emma Çawuşoglunyň beýannamasyna ynanmazlyk üçin sebäp ýok” diýip jogap berdi.

Soçide geçiriljek kongres üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini nygtan Zaharowa, gatnaşyklaryň sanawynyň dürli taraplar bilen geňeşilýändigini beýan etdi.

Hususy teleýaýlymlardan birinde soraglara jogap beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Milli Dialog Kongresi üçin “Biz kürt doğanlarymyza garşy däl. Olary goldaýarys. ÝPG-niň kongrese gelmegine Eýran hem garşy. Kürtlere wekilçilik edýänleriň sanawyny Russiýa berdik” diýipdi.



Degişli Habarlar