BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiň Trampyň Ierusalym kararyndan soň ertir gyssagly ýagdaýda jemlenişer

Federika Mogherini ABŞ-nyň Trampyň İerusalym kararyna uly alada bildirýändiklerini aýtdy

863029
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiň Trampyň Ierusalym kararyndan soň ertir gyssagly ýagdaýda jemlenişer

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalymy “Ysraýyliň paýtagty” hökmünde ykrar etmeginden soň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ertir meseläni ara alyp maslahatlaşar.

Beýleki tarapdan ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini ABŞ-nyň Trampyň Ierusalim kararyna uly alada bildirýändiklerini aýtdy.

Mogherini mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda ÝB-niň tutuminiň üýtgemändgini, meseläniň gepleşik arkaly iki tarapyň islegine laýyklykda we Ierusalimiň geljekde iki döwletiň hem paýtagty bolmagyny öz içine alýan çözgüdiň çäginde çözülmelidigini nygtady.

Dartgynlygyň öňüniň alynmagy üçin ÝB-niň sebitdäki ähli taraplara sagdyn pikirlilik çagyryşyny berýändigini aýdan Mogherini, giň gerimli gepleşikleriň başladylmagy üçin amatly şertiň döredilmelidigine ünsi çekdi.

Mogherini ÝB-niň parahatçylyk etabyna goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #BMG , #Howpsyzlyk Geňeşi , #ÝB

Degişli Habarlar