Kataryň we Britaniýanyň harby howa güýçleri bilelikde türgenleşik geçirdi

Bu barasynda Kataryň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada aýdylýar

858974
Kataryň we Britaniýanyň harby howa güýçleri bilelikde türgenleşik geçirdi

Kataryň Goranmak ministrliginiň Ruhy ýolbeletlik müdirliginden berilen beýannamada bäş gün dowam eden türgenleşigiň, Şalyga degişli Howa güýçlerinibň Tiphun kysymly harby uçary bilen ilkinji bilelikdäki türgenleşikdigi nygtalýar.

Beýannamada şol türgenleşigiň Katar Emirliginiň Harby howa güýçleri bilen Britaniýanyň Harby howa güýçleriniň bilelikdäki harby güýje eýe bolmagy üçin borjuny üstünlikli berjaý etmegi maksady bilen guralandygy aýdylýar.

Uçarman maýor Ali Hüseýin Al Bababi bolsa türgenleşige 100-den gowrak harby işgäriň gatnaşandygyny nygtap, Kataryň we Britaniýanyň howa güýçleriniň hüjüm hem-de goranyş güýjüniň artdyrylmagy we taktiki ukybynyň görkezilmegi üçin geçirilendigini aýtdy.

Hababi Tiphun kysymly harby uçaryň Britaniýanyň Harby howa güýçleriniň iň döwrebap uçardygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar