ABŞ 400 adamdan ybarat artilleriýa toparyny yzyna çeker

ABŞ-nyň öňbaşçylygynda DAİŞ-e garşydöredilen hyzmatdaşlyk ABŞ-nyň Rakka operasiýasy üçin Siriýa ugradan 400 adamdan ybarat artilleriýa toparyny yzyna çekjekdigini habar berdi

858901
ABŞ 400 adamdan ybarat artilleriýa toparyny yzyna çeker

Hyzmatdaşlykdan berilen beýannamada 15-nji sentýabrda sebite ugradylan deňiz pyýada dwiziýasynyň terror guramasy PÝD/PKK artilleriýa goldawyny berendigi nygtaldy.

Beýannamada: “Şäheriň halas edilmegi we DAİŞ-iň gaçmagy sebäpli toparyň ýurda dolanmagy üçin buýruk berildi. Onuň ýerine haýsydyr bir harby topar ugradylmaz” diýilýär.

Rakkanyň gurşaw astyna alynmagynyň çäginde ABŞ-nyň ilki 6-nji iýunda 400 adamdan ybarat deňiz pyýada topary bien M777 gawubisalaryny Siriýa ugradandygyna üns çekilen beýannamada, toparyň 20-nji oktýabra çenli ekstremist terror guramasy PÝD/PKK artilleriýa goldawyny bermäge dowam edendigi nygtalýar.

Beýannamada garaýyşlaryna orun berilen hyzmatdaşlygyň artilleriýasynyň serkerdesi Jon Ogorman: “155 millimetrlik top batareýalary bilen toparyň wezipesi DAİŞ-iň öňe gitmeginiň ýa-da pozisiýasyndan çykmagynyň öňüni almakdy” diýdi.



Degişli Habarlar