Günorta Afrikadaky çagalar howp astynda...

Günorta Afrikadaky çagalaryň 40 göterimi kakasyz ulalýandygy, 20 göteriminiň maşgaladan mahrumdygy we 33 göteriminiň jynsy basyşa sezewar galýandygy habar berildi

858667
Günorta Afrikadaky çagalar howp astynda...

Keýptaun uniwersitediniň Çagalar instituty Günorta Afrikadaky çagalaryň hal-ýagdaýy bilen bagly habarnama çap etdi.

Habarnama görä ýurtdaky çagalaryň 40 göterimi kakasyz ulalýar, 20 göterimi maşgaladan mahrum we 33 göterimi bolsa jynsy basyşa sezewar galýar.

Ýurtda azyndan 5 million çaganyň açlyk çäginiň aşagynda ýaşaýandygy aýdylýan habarnamada çagalaryň 12 göteriminiň bolsa örän garyp ýaşaýandygy mälim edildi.

Habarnamda ýurtdaky çagalaryň 33 göteriminiň ene-atalarynyň işlemeýändigi habar berildi.



Degişli Habarlar