"Sebitde ýerleşýän ýurtlar Hizbullahyň ýaraglaryna garşy birlikde hereket etmeli"

“Biz Liwan hökmünde bu meselede özbaşymyza hiç zat edip bilmeris”

855475
"Sebitde ýerleşýän ýurtlar Hizbullahyň ýaraglaryna garşy birlikde hereket etmeli"

Liwanyň Premýer ministri Saad Hariri sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Hizbullahyň ýaraglaryna garşy birlikde hereket etmelidigini nygtady.

Hariri “Biz Liwan hökmünde bu meselede özbaşymyza hiç zat edip bilmeris” diýdi.

Hariri Saud Arabystanynda çap edilýän žurnala beren beýanatynda “Hizbullahyň ýurdy dolandyrmaga ukyby ýok. Hizbullah güýjüni Eýrandan alýan ýaraglaryndan alýar” diýdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Liwan meselesinde Eýransyz kararyň kabul edilip bilinmejekdigi hakyndaky sözlerine garşylyk görkezen Hariri, “Ruhani Liwanda başdan geçirilýän wakalara goşulşyp bilmez” diýdi.

Saud Arabystanynyň Eýrana we Hizbullaha garşy tutumyna düşünýändigini we bu meselede mamladygyny aýdan Hariri “Saud Arabystany sebitde we aýlag ýurtlarynda durnuksyzlyk emele geleýän Hizbullaha garşy çäre görmekde mamla” diýdi.

 


Etiketkalar: #Liwan , #Hizbullah , #ýarag

Degişli Habarlar