Hytaýda gämi pajygasy başdan geçirildi
Wakada 12 adam dereksiz ýitdi
856121
![Hytaýda gämi pajygasy başdan geçirildi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/cbf1/c867/2a4e/59b8f33c3525a.jpg?time=1718933686)
Hytaýda bir gäminiň batmagy netijesinde gäminiň ekipažynyň 14-si halas edilen hem bolsa, 12 adam dereksiz ýitdi.
Şinhua agentliginiň berýän habaryna görä ýurdyň günortasyndaky Guangdong welaýatynyň Guangju şäheriniň golaýyndaky derýada biri demir beýlekisi bolsa gum daşaýan 2 gämi çakyşdy.
Hadysada gum daşaýan ýük gämisi batdy.
Guangdong welaýatynyň resmileri gözleg we halas ediş işleriniň çäginde sebite dikuçar we köp sanda gaýyk iberdiler.
Wakanyň näme sebäpli bolandygy derňelýär.