Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu Eýran we Arap ýurtlary bilen bagly beýanat berdi

Netanýahu: “Kim bizi nyşana alsa, oňa od açarys. Islendik biri bize garşy gyrgynçylyk etmäge synanyşsa, özi howp astynda düşer” diýdi

854011
Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu Eýran we Arap ýurtlary bilen bagly beýanat berdi

 

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu ýurdunyň Eýranyň ýadro ýarag elde etmegine we Siriýada ýerleşdirilmegine rugsat bermejekdigi baradaky beýanatyny ýaňadandan gaýtalap, Arap ýurtlary bilen kadryň arkasynda edýän gatnaşyklarynyň netijelidigini belledi.

Ysraýylyň esaslandyryjysy Dewid Ben Gurionyň ýogalmagynyň 44-nji ýyly mynasybetli Günbatar Iýerusalimda geçirilen çärede çykyş eden Netanýahu: “Kim bizi nyşana alsa, oňa od açarys. Islendik biri bize garşy gyrgynçylyk etmäge synanyşsa, özi howp astynda düşer” diýdi.

Netanýahunyň Eýranyň ýadro programasy we Siriýadaky barlygy bilen bagly bolsa: “Ençeme gezek Eýranyň ýadro ýarag edinmegine rugsat bermejekdigimizi belledik. Şol bir wagtda Eýranyň ýaragly güýçleriniň serhedimize ýakyn ýa-da Siriýanyň islendik bir ýerinde ýerleşdirilmegine rugsat bermeris” diýdi.

Ysraýylyň Arap ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynyň hem üstünde durup geçen Binýamin Netanýahu: “Arap ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarymyzy köplenç gizlin ýagdaýda alyp barýarys. Bu gatnaşyklarymyzyň has hem berkejekdigini we parahatçylygyň çäginde giňeljekdigini ynanýaryn. Bu ahyrynda bolar, sebäbi kadryň arkasynda dowam edýän şoldyr” diýdi.



Degişli Habarlar