Owganystanda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Operasiýada 12 terrorçy öldürildi

853484
Owganystanda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Owganystanyň gündogaryndaky Kunar welaýatynda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen operasiýada 12 terrorçy öldürildi.

Nangarharyň Ýöriteleşdirilen harby toparyň serkerdesi Ezzetullah Mamund Kunar welaýatynyň Merewara etrabynyň Çop sebitindäki operasiýada şeýle hem 4 terrorçynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Mamund operasiýada öldürilen terrorçylaryň arasynda guramanyň sebitdäki ýolbaşçylarynyň biri bolan Hafyz Başiriň hem bardygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar