Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Lideleriniň Üçtaraplaýyn Maslahaty Başlady

Siriýanyň geljegi taýdan möhüm bolan Üçtaraplaýyn maslahat Russiýanyň Soçi şäherinde başlady

853017
Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Lideleriniň Üçtaraplaýyn Maslahaty Başlady

Üçtaraplaýyn maslahata Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin gatnaşýar. 

Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin maslahatyň başyndan beren beýanatynda ýurdunyň, Türkiýäniň we Eýranyň tagallasy saýasynda Siriýanyň böleklere bölünmändigini belledi. 

Putin: "Türkiýäniň we Eýranyň saýasynda Siriýada DAIŞ-iň öňi alyndy. Syýasy çözgüt Ženewa etaby bilen tamamlanar. BMG-niň kararyna laýyklykda etniki ylalaşyk üpjün edilmeli. Parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ähli taraplar oňuşyklykly bolmaly" diýdi. 

Soçidäki gepleşiklerden netije çykarjakdyklaryna ynanýandygyny aýdan Putin: "Siriýanyň ýaňadandan gurulmagy üçin giň-gerimli programanyň işlenip taýarlanmagyny maslahat berýärin. Gazanjak ylalaşygymyz Siriýanyň territorial bütewiligini berkider" diýdi. 

Prezident Erdogan hem üç taraplaýyn maslahadyň Siriýada akan ganlaryň bes edilmegi taýdan örän wajypdygyny nygtady. 

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Siriýa meselesinde ýakyn bir gatnaşyk edýändigine dünýäniň şaýat bolandygyny aýdan Erdogan onuň iň gowy mysalynyň Astana etabydygyny beýan etdi. 

Erdogan: "Siriýanyň halkynyň kabul etjegi hemişelik we berk syýasy çözgüdiň gurulmagy üçin degişli ähli töwerekleriň goşant goşmagy hökmanydyr. Biz bu maslahata gowy taýarlyk gördik. Şu gün tankydy kararlar kabul etjekdigimize ynanýaryn" diýdi. 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa: "Parahatçylyk etabyndaky hyzmatdaşlykdan örän hoşaldyryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar