ABŞ-e Siriýada howply oýun oýnaýar

Amerikan Heritage Foundation hünärmeni Lýuk Koffi ABŞ-niň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-ni ýaraglandyrmagyny howply oýun hökmünde häsýetlendirdi

848808
ABŞ-e Siriýada howply oýun oýnaýar

Lýuk Koffiý Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet ylmy-derňewleri gaznasynyň Waşingtondaky şahamçasynyň geçiren Siriýada bölünme atly maslahatda çykyş etdi.

ABŞ-nyň pul serişdelerini Siriýanyň demirgazygynda alyp barýan strategiýasyna gönükdirmeginiň öňdengörüjiligiň pesdigini görkezýändigini aýdan Koffiý amerikan harby güýçleriniň Siriýanyň demirgazygynda uzak möhlet galyp biljekdigine we bu strategiýadan oňyn netije çykmagyna garaşmagyň erbet bir göçümdigini nygtady.

Koffiý: “Amerikan halkynyň aglabasy salgytlarynyň Neo-Marksist ideologiýa eýe bolan we ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň Daşary ýurt terror guramalarynyň sanawynda bolan PÝD/ÝPG-e hemaýat berýändigini bilen bolsady bu örän ynjalyksyzlygyň gözbaşy bolardy” diýdi.

Lýuk Koffi: “Siriýa örän typançak bir ýer. Rakkanyň çalt basylyp alynmagynyň çykdajysy ÝPG ýaly bir guramany ýaragalandyrylmakdan ybarat bolýan bolsa, meniň pikir ol oňa degenok” diýdi.


Etiketkalar: #amerikan , #halk , #PÝD , #ÝPG , #ABŞ , #salgyt

Degişli Habarlar