Russiýanyň Prezidenti Putin Donetskiň we Luganskyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin Ukrainanyň gündogarynda birtaraplaýyn häsýetde garaşsyzlyklaryny yglan eden Donetsk we Lugansk sebitleriniň liderleri bilen ilkinji gezek telefon arkaly söhbetdeş boldy

849033
Russiýanyň Prezidenti Putin Donetskiň we Luganskyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Putiniň Donetskiň lideri Aleksandr Zaharçenko we Luganskyň lideri Igor Plotnitskiý bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bu sebitler bilen Ukrainanyň hökümetiniň arasynda ýesir çalşygynyň geçirilmegini ele alandygyny habar berdi.

Putin telefon söhbeteşliginde Ukrainanyň gündogarynda çaknyşýan taraplaryň ellerindäki ýesirleriň çalşylmagyna goldaw berýändigini belledi.

Donetskiň we Luganskyň liderleri hem öz gezeklerinde ýesir çalşygyna goldaw berýändiklerini belläp, Ukrainanyň hökümetiniň wekilleri bilen gepleşikler geçirilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar