Demirgazyk Koreýa ABŞ-a hemle atdy

Demirgazyk Koreýanyň hemişelik wekili Ža Song Nam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta Koreýada geçirýän harby türgenleşiginiň ýadro söweş howpyny artdyrýandygyny belledi

846952
Demirgazyk Koreýa ABŞ-a hemle atdy

Ža BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşe iberen hatynda ABŞ-nyň soňky gezek 2 sany uçargöter (Awianoses) gämileri bilen geçirýän harby türgenleşiginiň Koreýa ýarymadasyndaky ýagdaýy has hem dartgynaşdyrýandygyny, adada häzirki wagta çenli iň erbet ýagdaýyň başdan geçirilýändigini habar berdi.

ABŞ-niň sowuk söweş zamanasynda giňden ulanan B-52 kysymly strategik harby uçarlaryny ýaňadandan herekede geçirendigini aýdan Ža Günorta Koreýa bilen geçirýän türgenleşiginiň ýadro söweş howpyny artdyrýandygy barada duýduryş berdi.

Ža ABŞ-niň arakesme bermezden ýylyň dowamynda ençeme gezek geçiren türgenşeikleriniň we öjükdiriji hereketleriniň Demirgazyk Koreýanyň saýlan ýolunyň dogrulygyny görkezýändigini we soňuna çenli şol ýoluny dowam etdirjekdigini nygtady.

Koreýa ýarymadasynyň golaýynda başlan we Günorta Koreýanyň 7 harby gämisiniň we ABŞ-niň flotynyň USS Nimitz, USS Theodore Roosevelt, USS Ronald Reagan atly 3 uçargöter gämisi bilen 11 harby gämisiniň gatnaşmagyndaky harby türgenleşigiň 14-nji noýabra çenli dowam etjekdigi beýän edilipdi.



Degişli Habarlar