Musulman ýaşlar buthanany abatlady

Mosulyň Telkeýf etrabynda ýaşaýan musulman ýaşlar meýletin ýagdaýda 1912-nji ýylda gurlan buthanany abatlady

844353
Musulman ýaşlar buthanany abatlady

Yrakda musulman ýaşlar terror guramasy DAIŞ-iň 2014-nji ýylda Mosuly ele geçirmeginden soň ýanan ýurduň iň uly ikinji buthanasy bolan Sajred Heart of Jesusy abatlady.

Mosulyň Telkeýf etrabynda ýaşaýan musulman ýaşlar meýletin ýagdaýda 1912-nji ýylda gurlan buthanany abatlady.

Ýanan buthanany arassalan ýaşlar buthananyň jaňyny ýerine dakdy.

Ýaşlar öýlerini terk etmeli bolan hristiýanlaryň şäherlerine yzyna dolanmaklary, arkaýyn ybadat etmekleri we asuda durmuşda ýaşamaklary maksady bilen ybadathanany abatlandyklaryny aýtdylar.

DAIŞ-iň Telkeýf etrabyny ele geçirmeginden soň müňlerçe hristiýan öýlerini terk edip mejbury ýagdaýda başga ýerlere göçüpdi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi 9 aýa golaý dowam eden operasiýanyň netijesinde 10-njy iýulda Mosulyň DAIŞ-den saplanandygyny yglan edipdi.

 

 

 


Etiketkalar: #Yrak Mosul , #ýaşlar , #buthana , #jaň

Degişli Habarlar