Pakistanda guralan kamikaze hüjüminde 3 adam ýogaldy

Pakistanyň Belujistan welaýatynyň paýtagty Kuettada guralan kamikaze hüjüminde Polisiýa gullugynyň işgäri Hamid Şakil bilen birlikde 3 adam ýogaldy

843991
Pakistanda guralan kamikaze hüjüminde 3 adam ýogaldy

Kamikaze hüjümi Hamid Şakiliň ulagy bilen öýünden işine gidip barýarka guraldy.

Şakil we ýene-de 2 adamyň ýogalan hüjümde şeýle hem 4 adam ýaralandy.

Kuettadaky hassahanalarda bejergi astyna alynan ýaralanan adamlaryň käbirleriniň saglyk ýagdaýlarynyň agyrydygy we ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi habar berildi.

Polis wakanyň bolan ýerine bardy.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.



Degişli Habarlar