Kataloniýanyň ozalky lideri Ýewropadan kömek sorady

Kataloniýanyň ozalky lideri Karles Puigdmont Ispaniýanyň kazyýetine garşy Ýewropadan kömek sorady

842595
Kataloniýanyň ozalky lideri Ýewropadan kömek sorady

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bolan Karles Puigdmont Kataloniýanyň ozalky hökümetiniň 4 ministri bilen Kataloniýanyň radiosyna beren beýanatynda: “Ýewropa bir hökümetiň agzalaryny tussaghanada ýa-da sürgünde saklap bilmez” diýdi.

Karles Puigdmont Ispaniýanyň Kataloniýanyň ozalky hökümetiniň 8 ministrini Madritdäki tussaghanalarda saklap,  adam hukuklarynyň düzgünlerini bozýandygyny belledi.

Ispaniýanyň kazyýetiniň katalon syýasatçylaryna garşy kabul eden kararlarynyň Ýewropadaky kazyýetler tarapyndan ýatyrylmagyna garaşýandygyny aýdan Puigdmont: “Ähli zat halkara kazyýetde tamamlanar we Ispaniýa ýene-de bir gezek halkara kazyýetde utanç başyndan geçirer” diýdi.

Puigdmont Bask sebitinde ozal bolup geçen käbir wakalar sebäpli Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň Ispaniýa beren jezasyny ýatlatdy.

Puigdmont: “Kataloniýa meselesini millileşdirmek tussaglykdaky dostlarymyzyň hem işine ýarar. Sebäbi ählimiz syýasy basyşyň gurbanlarydyrys. Kataloniýada bolup geçýänler olar üçin kemsidiji bir hereketdi. Şol sebäpli ýigrenç we ar almak duýgulary bilen hereket edýärler” diýdi.  



Degişli Habarlar