Ýaponiýada kelleleri kesilen dokuz adamyň jesedi tapyldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda polisiýa gullugynyň işgärleriniň öýleriň birinde geçiren derňew işleriniň netijesinde 8-i zenan bolan 9 adamyň jesedini kelleleri kesilen ýagdaýda tapdy

837815
Ýaponiýada kelleleri kesilen dokuz adamyň jesedi tapyldy

Öýde ýaşaýan 27 ýaşly Takahiro Şiraişi göz tussaglygyna alyndy.

Tokionyň günortasyndaky Zamadaky öýleriň birinde gözleg geçiren polis işgärleri ilki bilen 2 adamyň kellesini buz gutusynda tapdy.

Emma derňewiň dowam etdirilmegi netijesinde öýde kelleleri kesilen jemi 9 adamyň bardygy anyklandy.

Göz tussaglygyna alynan adam polisiýa gullugyna: “Olary öldürdim we ondan soň delilleri gizlemek üçin olaryň bedenleriniň üstünde biraz işledim” diýendigi mälim boldy.

Ýaponiýanyň metbugatyna görä göz tussaglygyna alynan adamyň otagynda pyçgy tapyldy.

Polsiýa gullugynyň işgärleri 27 ýaşly Takahiro Şiraişi atly ganhory ýiten 23 ýaşly bir zenany gözleýärkä tapdy.

Polisiýa gullugynyň zenan bilen ganhory kameralaryň üsti bilen tapandygy habar berildi.



Degişli Habarlar