ABŞ Mesut Barzaniniň wezipesinden çekilmeginden hoşal

ABŞ Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzaniniň wezipesinden çekilmegine hoşallyk bildirdi

837396
ABŞ Mesut Barzaniniň wezipesinden çekilmeginden hoşal

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “ABŞ Mesut Barzaniniň Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlyklygyndan çekilmegini we Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygynyň ygtyýarlynyň Paramente, hökümete we Adalat organlaryna tabşyrmagyny takdyr edýär”diýdi.

Nauert Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky ähli syýasy partiýalara başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmeginde goşant goşmaklary çagyryşyny berdi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň DAIŞ-e garşy göreşde we Yragyň Kürt Awtanomiýasy bilen täze dialogyň başlamagy üçin işe gişirendigini aýdan Nauert Bagdat bilen Erbiliň arasynda hyzmatdaşlyk edilmegi çagyryşyny berdi.

 

 

 



Degişli Habarlar