ABŞ Arakanlylara edilýän zulumyň bes edilmegi çagyryşyny berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tilleron Mýanmanyň ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Min Augn Hlainge Arakanlylara edilýän zulumyň bes edilmegi çagyryşyny berdi

835433
ABŞ Arakanlylara edilýän zulumyň bes edilmegi çagyryşyny berdi

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert beren ýazmaça beýaantynda Tillersonyň Hlaing bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berdi.

Tillersonyň telefon söhbetdeşliginde Mýanmada dowam edýän adamzat krizisine ünsi çekendigi nygtaldy.

Tilleson Mýanmanyň howpsyzlyk güýçlerine çagyryş berip, hökümete goldaw bermeklerini, Arakandaky zulumyň bes edilmegini we Arakanlylaryň başda durmagynda öýlerini terk eden adamlaryň howpsyz ýagdaýda yzyna dolanmaklary üçin amatly şertiň döredilmegini isledi.

Tillerson öýlerini terk edenlere ynsanperwer kömeginiň berilmegine we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Arakana girmegine rugsat berilmegi üçin çagyryş berdi.

 



Degişli Habarlar