Italiýanyň sebitleri garaşsyzlyk alarlarmy?

Lombardiýanyň we Wenetonyň ýaşaýjylarynyň aglabasy referendumda kabul sesini berdi

832167
Italiýanyň sebitleri garaşsyzlyk alarlarmy?

Italiýanyň merkezi hökümetden has özbaşdak bolmagy isleýän we ýurdyň ykdysady taýdan baý sebitlerinden bolan Lombardiýada we Wenetoda referendum geçirildi.

Lombardiýanyň we Wenetonyň ýaşaýjylarynyň aglabasy referendumda kabul sesini berdi.

Jemi içerki önümiň takmynan 30 göterimini deň bolan Lombardiýa we Weneto sebitlerinde salgyt başda bolmak bilen öz baýlyklaryny ulanmakda mundan beýläk has täsirli çemeleşmegi öz düzüminde jemleýän özbaşdaklygyň merkezi hökümetden talap edilip-edilmezligi bilen bagly referendum geçirildi.

Lombardiýa sebitinde 7,9 million adamy, Wenetoda bolsa 4 million adamy gyzyklandyrýan we ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan başlan referendumda ses bermek işleri sagat 23:00-da tamamlandy.

Wenetoda referendumda gatanaşan adamlaryň sany 59,7 göterim bolan bolsa, Lomardiýada şol görkeziji 40 göterimden gowrak boldy.

Lombardiýa sebitiniň ýerli dolanşygynyň başlygy Roberto Maroni geçiren metbugat ýygnagynda ellerine geçen ilkinji resmi bolmadyk netijelere görä giň-gerimli özbaşdaklyk üçin saýlawçylaryň 95 göteriminiň kabul sesini, garşy çykanlaryň sany bolsa 3 göterime deň bolandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar