Türkiýä garşy durýan Ýewropaly liderler maksadyna ýetip bilmedi

“Türkiýe bilen gepleşikleriň gyssagly saklanmagy teklibine ýeterlik goldaw berilmedi”

830870
Türkiýä garşy durýan Ýewropaly liderler maksadyna ýetip bilmedi

 

Belgriýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen ÝB-niň liderler maslahatynda Türkiýä garşy durýanlar maksadyna ýetip bilmedi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel maslahatdan soň beren beýanatynda ýurdunyň talabyna laýyklykda Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky agzalyk gepleşikleriniň saklanmagy meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdan Merkel “Türkiýe bilen gepleşikleriň gyssagly saklanmagy teklibine ýeterlik goldaw berilmedi” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar