Sergeý Şoýgu: “Siriýada terrorçylara garşy alynyp barylýan operasiýalar tamamlanyp barýar”

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Siriýada terrorçylara garşy alynyp barylýan operasiýalaryň tamamlanyp barýandygyny belledi

828682
Sergeý Şoýgu: “Siriýada terrorçylara garşy alynyp barylýan operasiýalar tamamlanyp barýar”

Ysraýyla resmi sapar guran Sergeý Şoýgu ysraýylly kärdeşi Awigdor Liberman bilen geçiren duşuşygynda: “Siriýada operasiýalar tamamlanyp barýar. Gyssagly çözülmeli birnäçe mesele bar. Siriýanyň geljegi hem ara alynyp maslahatlaşylmaly” diýdi.

Russiýa bilen Ysraýylyň arasynda ele alynmadyk ençeme meseläniň bardygyny aýdan Şoýgu: “Ikitaraplaýyn harby we tehniki hymztdaşlyk bilen birlikde, elbetde esasy meseleler bolan terrora garşy göreş we sebitdäki ýagdaý bilen baglanşykly” diýdi.

Şoýgu: “Dünýädäki terrorçylykly hüjümleriň artan mahalynda, halkara jemgyýetiň bu erbetlige garşy birek-birege goldaw bermegi zerur” diýip belledi.

Sergeý Şoýgu gepleşikkleriň birek-biregi has gowy düşünmäge we Russiýa bilen Ysraýylyň Ýaragly güýçleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine kömek berjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar