Şu gün Kataloniýanyň garaşsyzlygyny yglan etmegine garaşylýar

İspaniýanyň Kataloniýa Awtonomiýasynyň Mejlisi 1-nji oktýabrda geçirilen garaşsyzlyk referendumyndan soň ýetilen syýasy sepgidi ara alyp maslahatlaşar

823601
Şu gün Kataloniýanyň garaşsyzlygyny yglan etmegine garaşylýar

Kataloniýanyň Premýer ministri Çarles Pigdemont geçen hepde garaşsyzlyklaryny yglan etjekdiklerini aýdypdy.

Oppozision partiýalar bolsa bir taraply garaşsyzlyk yglan edilen halatynda zaldan çykjakdyklaryny beýan etdiler.

Beýleki tarapdan Fransiýanyň ÝB işlerinden jogapkär Ministri Natali Luezu bir taraply yglan edilen garaşsyzlygy ykrar etmejekdiklerini aýtdy.

Fransuz ministr garaşsyzlyk yglan edilen halatynda onuň ilkinji netijesiniň Kataloniýanyň ÝB-den çykmagy boljakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar