“Birtaraplaýyn garaşsyzlyk yglanyndan yza çekilmeris”

Ispaniýanyň gündogaryndaky Katalon hökümetiniň başlygy Karles Puigdmont birtaraplaýyn garaşsyzlyk yglanyndan yza çekilmejekdiklerini belledi

822897
“Birtaraplaýyn garaşsyzlyk yglanyndan yza çekilmeris”

Karles Puigdmont Kataloniýanyň TV3 kanalyna beren interwýusynda: “Biz birtaraplaýyn garaşsyzlyk diýip aýtmaýarys. Biz garaşsyzlyk yglany diýýaris. Bu kanunymyzda bar bolan madda we biz kanuny ýola goýarys” diýdi.

Konstitutsion kazyýeti tarapyndan goý bolsun edilen referendum kanunyny göz öňünde tutan Puigdmont: “Referendumyň netijesinde kabul ses çyksa, netijeler beýan edileninden 48 sagat soň garaşsyzlyk yglan ediler”maddasynyň durmuşa geçiriljekdigini habar berdi.

Karles Puigdmont 10-njy oktýabrda sişenbe güni ýerli parlamentlerinde geçiriljek umumy geňeşde garaşsyzlyk yglany bilen bagly ses berilşigiň geçirilip geçirilmejekdigi barada bolsa maglumat bermedi.

Garaşsyzlygyň tarapdarlaryna öňbaşçylyk edýän Kataloniýanyň Milli assambleýasy bolsa sişenbe güni garaşsyzlygyň yglan ediljekdigini öňe sürdi.

Ispaniýanyň Premýer ministri Mariano Rohoý bolsa Garaşsyzlyk yglanynyň öňüniň alynjakdygyny belläp: “Ispaniýa bölünmez, milli birlik dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar