Mattis: “ABŞ Eýran bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan çekilmeli däl”

ABŞ-nyň Goranmak ministri Jim Mattis ýurdunyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilmeli däldigini belledi

820133
Mattis: “ABŞ Eýran bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan çekilmeli däl”

Mattis Amerikan Senadynyň Ýaragly hyzmatlar komitetinde senatorlaryň soraglaryna jogap berdi.

Senatorlaryň biriniň Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan çekilmeginiň ABŞ-nyň peýdasynamy ýa-da dälmi diýen soragyna Mattis: “Peýdasyna däl” diýip jogap berdi.

Mattis Eýranyň ylalaşygyň düzgünlerini bozandygy barada hiç hili deliliň ýokdygyny belläp, bu ýerde ylalaşykdan çekilip-çekilmezligiň Prezidentiň berjek kararyna baglydygyny nygtady.

Eýran bilen P5+1 ýurtlaryň arasynda 2015-nji ýylda ýadro ylalaşygy gazanylypdy. Ylalaşyga laýyklykda Eýran ýadro işlerini çäklendirmelidi, beýleki ýurtlar bolsa goýan ykdysady sanksiýalaryny aýyrmalydy.



Degişli Habarlar