Owganystanyň gündogarynda Talibanlara garşy operasiýa geçirilýär

Geçirilen soňky operasiýalarda guramanyň 15 agzasy öldürildi

814460
Owganystanyň gündogarynda Talibanlara garşy operasiýa geçirilýär

Owganystanyň gündogaryndaky Lagman welaýatynda terror guramasy Talibana garşy geçirilen operasiýada guramanyň 15 agzasy öldürildi.

Ýurdyň gündogaryndaky 201-nji Silab harby toparynyň metbugat geňeşçisi Şirin Aka Fakiri howpsyzlyk güýçleriniň Lagman welaýatynyň Alişeng etrabynda howadan we gury ýerden geçiren operasiýasynda şeýle hem guramanyň 7 agzasynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Fakiri operasiýanyň dowam etdirilýändigini mälim etdi.

Terror guramasy Taliban bolsa mesele bilen baglanşykly beýanat bermedi.



Degişli Habarlar