Eýran howa giňişligini ýapdy

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň lideri Mesut Barzaniniň referendumdan egilşik etmezligi sebäpli Eýran ilkinji çäklendirmesini goýdy

813142
Eýran howa giňişligini ýapdy

Eýran resmi Bagdadyň talabyna laýyklykda Erbilden we Süleýmaniýeden uçan uçarlara howa giňişligini ýapdy.

Bu baradaky beýannama Milli howpsyzlyk geňşiniň mejlisinden soň berildi.

Eýranyň Milli howpsyzlyk geňşiniň metbugat sekretary Kaýwan Husrawi Yragyň merkezi hökümetiniň talabyna laýyklykda Süleýmaniýeden we Erbilden uçan uçarlara howa giňişligini ýapandyklaryny beýan etd.

Eýrandan adybir şäherlere ediljek uçuşlar hem bes edildi.

Eýran ir ertir bolsa Yragyň Erbil şäheriniň daglyk serhetýakasyny top okuna tutdy.

Eýranyň harby goşuny ýurduň demirgazyk günbatarynda harby türgenleşige başlandygyny habar berdi.

Türgenleşigiň Yragyň demirgazygynyň serhet zolagynda geçirilmegi ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar