Bosgun gyzyň göreldeli herekedi

Germaniýanyň paýtagty Berlinde yrakly 14 ýaşyndaky bosgun gyz tapan 14 müň ýewrony eýesine yzyna berdi

810827
Bosgun gyzyň göreldeli herekedi

Berlinde münen metrosynda bir sumka tapan mekdep okuwçysy yrakly gyz sumkany açmadan öýüne alyp gitdi. 

Ejesi bilen açan sumkasyndan 14 müň ýewro pul çykdy.

Pula el degirmedik ejeli gyz sumkany bolşy ýaly polisiýa bölümine gowşurdylar.

Polisiýa bölüminiň işgärleri ozal pul doly sumkasyny ýitirendigini aýdan 78 ýaşly zenana habar berdiler.

Ýaşly zenan puluny polis bölüminden aldy.

Berliniň poilisiýa gullugy sosial media hasabyndan wakany gürrüň berdi we "Sumkanyň eýesi örän hoşal boldy we biz hem tapana minnetdarlyk bildirýäris" diýip belledi.

 



Degişli Habarlar