Ispaniýada katalonlar ýöriş gurady

Ispaniýanyň Barselona şäherinde müňlerçe adam Kataloniýanyň Milli baýramy Diada gününde Garaşsyzlyk üçin ýöriş gurady

805238
Ispaniýada katalonlar ýöriş gurady

Ispaniýada bolan Miras ugrundaky söweşleriň ahyrynda 1714-nji ýylda Barselonanyň ispanlar tarapyndan basylyp alynmagynyň we sebitiň garaşsyzlygyny ýitirmeginiň senenamasynda katalonlar tarapyndan Diada ady bilen milli baýram bellenilip geçilýär.

Resmi Madridiň gadagan eden Garaşsyzlyk referendumyna 3 hepde galmagyna Barselonada ýygnanan katalonlar ýerli wagt bilen sagat 17:14-de meýdançalara üýşdüler.

2012-nji ýyldan bäri Garaşsyzlyk talap edilýän Diada güni üçin şu ýyl 1800 awtobus doly adam Barselona gitdi.

Belgiýanyň territoriýasy bilen deň meýdana eýe Kataloniýanyň öz dili we medeniýeti bar. Ýerli dolanşyk bilim we saglygy goraýyş babatynda merkezi hökümetden tapawutly syýasat alyp barýar.



Degişli Habarlar