NATO degişli uçar Owganystanda toýy bombalady

Şaýatlar wakada has köp adamyň ýogalandygyny öňe sürdi

801538
NATO degişli uçar Owganystanda  toýy bombalady

NATO degişli uçar Owganystanyň paýtagty Kabulyň Karabag etrabynda toýy bombalady.

Etrap häkimi Abdul Sami Şerifi NATO güýçlerine degişli uçaryň Jarji obasynda toýy bombalamagy sebäpli 2 adamyň ýogalandygyny nygtady.

Hüjümde 3 adamyň hem ýaralanandygyny aýdan Şerifi, toýda ot açylmagyndan soň harby uçaryn toý ýerini nyşana alandygyny belledi.

Etrap häkimi Şerifi waka hakynda derňew işinin gozgalandygyny aýtdy.

Şaýatlar wakada has köp adamyň ýogalandygyny öňe sürdi.

Waka hakynda NATO tarapyndan heniz hiç hili beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar