ABŞ-daky Harweý harasadynda ýogalan adamlaryň sany artdy

ABŞ-daky Harweý harasadynda ýogalan adamlaryň sany 40-a ýetdi, ençeme adam bolsa dereksiz ýitdi

799865
ABŞ-daky Harweý harasadynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurdyň Tehas ştatyna öz täsirini ýetiren harasat sebäpli zyýan çeken we zeper ýeten ýerler örän köp.

Harsadyň merkezi Hýuston şäher boldy.

Harasat sebäpli derýalar hanasyndan daşdy. köprüler çökdi, öýleri suw basdy, 100 müň öýe zeper ýetdi.

Krosbidäki himiki desgada partlama boldy.

Bomontdaky hassahanada elektrik toklaryň kesilmegi sebäpli ýüzlerçe syrkaw başga ýerlere geçirildi.

Ýagyşlaryň azalmagy sebäpli halas ediş işleri çaltlandyryldy.

Halas ediş işlerine harbylar hem kömek berýär. 

Harweý harasadynyň Tehasa ýetiren zyýany 51 bilen 75 milliard dollar aralygyndadygy habar berildi.

 


Etiketkalar: #harasat , #Tehas , #ştat , #zeper , #zyýan , #ýagyş

Degişli Habarlar