Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

Germaniýada Angela Merkeliň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Türkiýä garşy syýasaty Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlary tarapyndan goldanmady

797835
Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

Mesele bilen baglanşykly beýanat Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel tarapyndan berildi.

Gabriel Türkiýä garşy edilmäge synanyşylan ykdysady basyşlaryň Bileleşige agza beýleki ýurtlar tarapyndan goldanmandygyny belledi.

Gabriel Berlinde geçirilen “Açyk gapy güni” programasynyň çäginde adamlar bilen bir ýere jemlenip Türkiýe bilen başdan geçirilýän meseleleriň üstünde durup geçdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri oppozisioner partiýalaryň Türkiýäniň ÝB-ne agza bolmak bilen bagly geçirilýän gepleşikleriň goý bolsun edilmegi barada çagyryşlaryna garşy çykdy.

Sigmar Gabriel ÝB-niň bular ýaly bir ädim etmeginiň Türkiýede ÝB-niň tarapdary bolan gatlaklara ýalňyş bir ýüzlenme boljakdygyny nygtady.

Özniň hem Türk-nemes dostlugyny uly bir hazyna hökmünde görýändigini aýdan Gabriel: “Biz türklere we Türkiýä garşy däldiris. Gaýtam tersine bu umumy taraplarymyzy öz içine alýan hazynanyň ýaňadandan täsirli bojak wagtyň gelmegine garaşýarys” diýdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel Türkiýäniň Günbatardan gopup, Russiýa has hem ýakynlaşmagyny islemeýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar