Eýranda 4,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň Şerebiýan etrabynda 4,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

797701
Eýranda 4,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Tähran uniwersitediniň Geofizika institutynyň Seýismalogiýa merkezinden berilen beýanata görä ýerli wagt bilen sagat 03:44-de bolan ýer titremesi ýeriň 6 km aşagynda emele geldi.

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA beýanat beren Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň Gyssagly ýagdaýlar edarasynyň müdüri Halil Saii käbir öýlere zeper ýeten ýer titremesi sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä 8 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Saii şeýle hem gözleg we halas ediş toparynyň sebite gönükdilrilendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar