Iýordan Şasy Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Iýordan Şasy Abdullah II Türkiýäniň Aksa metjidi meselesinde tutanýerli tutum alyp barandygy sebäpli Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirdi

794277
Iýordan Şasy Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Prezident R. T. Erdoganyň ýurduna guran resmi saparynyň çäginde iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Iýordan Şasy Abdullah II “Pursatdan peýdalanyp Jenap Prezidente Aksa metjidinde başdan geçirlen wakalara garşy berk tutum alyp barandygy sebäpli we Iýordaniýa berýäň doganlyk goldawlary üçin öz minnetdarlygymy bildirýärin” diýdi.

Iýordan Şasy “Jenap Prezident bilen taryhy gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 70-njy ýylynda ýurtlarymyzy ýakyndan gyzyklandyrýan ugurlar barada pikir alyşdyk. Ýurtlarymyz şol gatnaşyklardan ylham alýar. Syýasy, ykdysady, harby we howpsyzlyk taýdan edýän gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin tagalla ederis. Ýokarda ady agzalýan ugurlarda gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikler bar” diýdi.

Iýordan Şasy iki ýurduň terror sebäpli uly ýitgi çekendigine ünsi çekdi we “Iýordaniýa bilen Türkiýe terror sebäpli uly ýitgi çekdi we bu hem halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek üçin uly pursatdyr” diýdi.

 



Degişli Habarlar