Maýk Pens Günorta Amerika ýurtlaryndan Demirgazyk Koreýa bilen gatnaşyklaryny kesmegini isledi

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens Demirgazyk Koreýa garşy ähli meýilnamalaryň stolyň üstündedigini belläp, Günorta Amerika ýurtlaryndan resmi Phenýan bilen gatnaşyklaryny kesmegini isledi

791531
Maýk Pens Günorta Amerika ýurtlaryndan Demirgazyk Koreýa bilen gatnaşyklaryny kesmegini isledi

Maýk Pens resmi sapar bilen giden Çili döwletinde ýurdyň Prezidenti Mişel Baçelet bilen duşuşygyndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.

Maýk Pens metbugat ýygnagynda: “Resmi Phenýanyň ähli meýilnamalaryň stolumyzyň üstündedigini bilmelidir” diýdi.

“Çiliniň, Braziliýanyň, Meksikanyň we Perunyň Demirgazyk Koreýa bilen gatnaşyklaryny kesmek bilen bize goşulyşarlar diýip umyt edýäris” diýen Pens: “Şondan soň parahatçylykly çözgüt üpjün edilip biliner we olar halkara jemgyýetiň ygtyýaryna garşy bolmagyň jogabynyň bardygyny Phenýana görkezerler” diýdi.

Maýk Pens mundan başgada ABŞ hökmünde Demirgazyk Koreýadaky talaňçy hökümetiň öz ýurtlaryna ýetip bilýän ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermejekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar