Maduro Tramp bilen duşuşmak isleýär

Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduro ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy

788091
Maduro Tramp bilen duşuşmak isleýär

Ykdysady we syýasy krizisi başdan geçirýän Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduro täze saýlanan Esaslandyryjy mejlisde çykyş etdi.

Maduro 3 sagatlyk çykyşynda ABŞ-nyň Prezidentine ýüzlendi we Tramp bilen duşuşmak isleýändigini belledi.

Maduro “Eger Wenesuella bilen beýle ýakyndan gyzyklanýan bolsa men ýerimde. Donald Tramp men bärde” diýip ýüzlendi.

Daşary ýurtly güýçlere garşy göreşmekden asla ýüz öwürmejekdiklerini nygtan Maduro, ABŞ-nyň özüne sanksiýa goýmagyny tankyt etdi.

Wenesuellada aprel aýyndan bäri hökümete garşy guralýan protest ýörişlerinde 120-den gowrak adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar