Donald Trampyň ozalky kampaniýa müdüriniň öýünde gözleg işleri geçirildi
ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň işgärleri Russiýa bilen baglanşykly derňew işiniň çäginde ýurdyň Prezident Donald Trampyň ozalky kampaniýa müdüri Paul Manafortyň öýünde gözleg işini geçirdiler
787113
Amerikan mediasynda berilýän habarlarda Federal derňew býurosynyň 26-njy iýulda irden Manafortyň Wirjiniýa ştatynyň Aleksandria şäherindäki öýünde gözleg işini geçirendigi habar berilýär.
Manafortyň metbugat geňeşçisi Ýason Maloni hem habarlary tassyklap: “Federal derňew býurosynyň işgärleri Manafortyň öýleriniň birinde gözleg işini geçirdi. Manafort hukuk goraýjy edaralara hemişe kömek edişi ýaly, bu işde hem olara kömek berdi” diýip mälim etdi.
Manafortyň öýünde geçirilen gözleg işleriniň giňişleýin bolandygy aýdylýan habarlarda Federal derňew býurosynyň işgärleriniň öýden ençeme bellik we resminamalar bilen çykandygy bellendi.