“ABŞ we hyzmatdaşlary özlerini goramak üçin ýeterlik harby güýje eýe”

ABŞ-nyň Goranmak ministri Jim Mattis Demirgazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasyndan ýüz öwürmelidigini nygtady

787115
“ABŞ we hyzmatdaşlary özlerini goramak üçin ýeterlik harby güýje eýe”

Mattis Demirgazyk Koreýanyň ABŞ-nyň Guam adasyna roketa hüjümini guramak bilen hemle atmagyndan soň mesele hakynda beýanat berdi.

ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň özlerini haýsydyr bir hüjüme garşy goramak üçin ýeterlik harby güýje eýedigini aýdan Mattis, “Demirgazyk Koreýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň we Demirgazyk Koreýanyň global howpsyzlyga we durnuklylyga wehim salýandygy meselesinde dünýäniň çar tarapyndaky ýurtlaryň sesine gulak asmaly. Demirgazyk Koreýa özüni çetleşdirmek we ýadro ýaragyna eýe bolmak syýasatyndan ýüz öwürmeli”diýip belledi.

Mattis sözlerini şeýle dowam etdirdi: “ABŞ dünýäde harby taýdan iň ýokary güýje eýe. Biziň harby güýjümiz Demirgazyk Koreýanyň harby güýjünden has ýokardadyr we Demirgazyk Koreýa başladan her ýarag bäsleşiginde ýada çaknyşykda ýeňilmäge dowam eder”

 



Degişli Habarlar