Zäherli ýumurtgalar indi bolsa Britaniýada we Fransiýada tapyldy

Zäherli ýumurtgalar Gollandiýa, Belgiýa we Germaniýadan soň indi bolsa Britaniýada we Fransiýada anyklandy

785646
Zäherli ýumurtgalar indi bolsa Britaniýada we Fransiýada tapyldy

Britaniýanyň Azyk standartlary agentligi şol ýumurtgalaryň ýurtdaky ýerlerini gyssagly ýagdaýda gözleýändiklerini, ýumurtgalaryň sanynyň örän azdygyny we raýatlaryň jan-saglygyna garşy howpynyň örän pesdigini habar berdi.

Fransiýanyň hökümeti beýanat berip Gollandiýadan ýurda giren we düzüminde fipronil maddasyny bardygy anyklanan 13 partiýa ýumurtganyň iki aýry azyk fabrikasynda anyklanandygyny mälim etdi.

Fransiýanyň Oba-hojalyk ministrligi bu zäherli ýumurtgalaryň sarp edijilere ýetip-ýetmedigini derňeýändiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar