"ABŞ sebäpli Demirgazyk Koreýada dartgynlygyň möwjemegini kabul edilip bilmeris"

Lawrow bilen Tillersonyň özara duşuşygynda ABŞ-nyň Russiýa garşy goýan sanksiýa kanuny hem ara alnyp maslahatlaşyldy

785054
"ABŞ sebäpli Demirgazyk Koreýada dartgynlygyň möwjemegini kabul edilip bilmeris"

Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen Filippiniň paýtagty Manilada bolan duşuşygy hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda “Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen bolan duşuşygynda ABŞ-nyň hereketleri sebäpli Demirgazyk Koreýanyň töwereklerinde dartgynlygyň möwjemeginiň kabul edilip bilinmejekdigini nygtady” diýildi.

Lawrow bilen Tillersonyň özara duşuşygynda ABŞ-nyň Russiýa garşy goýan sanksiýa kanuny hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda sanksiýa kanunynyň iki taraply hyzmatdaşlyga uly zarba urandygy aýratyn bellenildi.

 



Degişli Habarlar