Kongo Demokratik Respublikasynda bir gaýyk batdy

Kongo Demokratik Respublikasynda balykçylaryň bir gaýygynyň batmagy netijesinde 6 adam ýogaldy

783658
Kongo Demokratik Respublikasynda bir gaýyk batdy

Balykçylar kooperatiwiniň başlygy Erik Kombe ýurdyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Albert kölünde batan gaýygyň içindäki 12 adamyň 6-synyň halas bolandygyny, beýleki 6 adamyň bolsa ýogalandygyny habar berdi.

Kombe balykçylaryň halas ediş gursakçasynyň dakmandyklaryna üns çekdi.

Ýurtda köne gaýyklaryň ulanylmagy ýygy-ýygyndan şular ýaly pajygaly wakalaryň döremegine sebäp bolýar.

Iýul aýynda Kasai derýasynda ýolagçylary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 27 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar