Al Sani: “Embargodan Türkiýäniň goldawy bilen zyýan çekmedik”

Kataryň Ykdysadyýet ministri Ahmed Bin Jasim Al Sani ýurduna goýulan embargodan Türkiýäniň goldawy netijesinde zyýan çekmändiklerini aýtdy

783225
Al Sani: “Embargodan Türkiýäniň goldawy bilen zyýan çekmedik”

Ege Eksportçy Bileleşikleriniň guran we iki gün dowam etjek “Katar-Türkiýe İşewürler Forumy we Özara İşewür Duşuşyklary” Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň we Kataryň Ykdysadyýet ministri Ahmed Bin Jasim Al Saniniň gatnaşmagynda İzmirde öz işine başlady.

Forumda çykyş eden Al Sani; “Kataryň ykdysadyýeti çydamlylygyny subut etdi. Köp sanly ýurtda ykdysadyýet agyr zyýan çeken bolsa biziň ykdysadyýetimiz durnukly bolmagynda galdy. Kataryň garaşsyz we güýçli bolmagy üçin arman-ýadaman işläliň. Bize goýulan embargolar birnäçe sagadyň dowamynda Türkiýäniň goldaw bermeginde uly möçberde täsirini ýitirdi. Bizdäki tebigy serişdeler, tebigy gaz eksporty Kataryň ykdysadyýetine uly goşant goşýar. Bize garşy rehimsizlik bilen alynyp barylan we kanunlara edilen gabawdan Türkiýäniň goldawy bilen zyýan çekmedik” diýdi.

Çykyşlardan soň türk we katarly işewürleriň arasynda özara gepleşiklere geçildi.

Beýleki tarapdan Kojaelidäki Derinje portundan Katara iki taraply gämi gatnawynyň başladylmagy barada ylalaşyk gazanyldy.

 



Degişli Habarlar