Tillerson we Tramp Russiýa garşy girizilen täze sanskiýalardan hoşal däl

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Reks Tillerson boýun aldy

782055
Tillerson we Tramp Russiýa garşy girizilen täze sanskiýalardan hoşal däl

Reks Tillerson ýurdunyň Russiýa garşy girizen täze sanksiýalardan hem özüniň hem-de Prezident Donald Trampyň hoşal däldigini boýun aldy.

Amerikaly ministr Russiýa bilen gatnaşyklarynyň dartgyndygyny hem mälim etdi.

Reks Tillerson Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat ýygnagynda Amerikanyň Daşary syýasatynyň üstünde durup geçdi.

Russiýanyň hökümediniň geçen hepde ýurdundaky amerikan diplomatlarynyň sanyny 755 adam azaltmak bilen bagly kararynyň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary has hem dartgynlaşdyryp-dartgynalşdymandygy bilen baglanşykly soraga jogap beren Tillerson Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň karary ady agzalan ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň dekabr aýynda 35 rus diplomatyň ýurtdan çykarmak baradaky karara garşy berendigini belledi.

ABŞ-nyň täze sanksiýalar girizmeginiň Putiniň şol karardan soň özünde saklan jogabyny ulanmagyna sebäp döredendigini aýdan Tillerson: “Prezident Putiniň hem Russiýada gözüniň içine seredip duran bir halky bar. Şol sebäpli simmetrik ädim etmek barada karara gelendigini pikir edýärin” diýdi.

Donald Trampyň geçen hepde Kongresde kabul edilen Russiýa garşy täze sanskiýalar girizmek bilen bagly karara gol çekjekdigini aýdan Tillerson: “Menem, Trampam Kongresiň bu kararyndan hoşal däldiris. Emma karary köpçülik bolup kabul etdiler” diýdi.



Degişli Habarlar