Demirgazyk Koreýa ABŞ-na garşy ýadro hüjümini guramak bilen hemle atdy

Resmi Phenýan ABŞ-ny Demirgazyk Koreýada häkimiýeti agdarmaga synanşan halatynda ýadro hüjümini guramak bilen hemle atdy

777679
Demirgazyk Koreýa ABŞ-na garşy ýadro hüjümini guramak bilen hemle atdy

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar gullugy KCNA-nyň habaryna görä, resmi Phenýan ABŞ-nyň Merkezi razvetka gullugynyň başlygy Maýk Pompeonyň geçen hepde halkara derejesinde geçirlen maslahatlaryň birinde  hovpsyzlyk taýdan uly hovp emele getirýän ýadro mümkinçiligini kämilleşdirmäge dovam eden halatynda Demirgazyk Koreýada häkimiýet çalşygy meselesiniň gün tertibine getirlip bilinjekdigini öňe sürýän sözlerine berk garşylyk görkezdi.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligi KCNA arkaly beren beýanatynda “Eger ABŞ Demirgazyk Koreýanyň liderini agdarmaga synanşan halatynda  kämilleşen ýadro güýjümiz hem Amerikanyň kalbyna uly zarba urarys” diýdi.

Beýanatda “Pompeo sözleri bilen resmi Vaşingtonyň Demirgazyk Koreýada häkimiýet çalşygyny isleýändigini açyk aýdyň beýan edýär” diýildi.

 



Degişli Habarlar