“Putin bilen gizlinlikde duşuşandygym hakyndaky habarlar asylsyz"

Putin Tramp bilen iki gezek duşuşypdyr

773591
“Putin bilen gizlinlikde duşuşandygym hakyndaky habarlar asylsyz"

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putininiň iýul aýynyň 7-8-i aralygynda Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirlen G-20 maslahatynda resmi gepleşiklerden soň ýene-de bir gezek duşuşandygy ýüze çykdy.

Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat beren Ak Tamly ýolbaşçy Tramp bilen Putiniň 7-nji iýuldaky resmi gepleşikden soň ýaňadandan duşuşandygyny nygtady.

Ak Tamly ýolbaşça görä, iki lider iki sagatdan gowrak dowam eden resmi gepleşikden birnäçe wagt son agşam naharynyň öňüsyrasynda ýanadandan duşuşdy.

Duşuşygyň näçe wagt dowam edendigi we mazmuny hakynda maglumat bermedik ýolbaşçy Tramp bilen Putiniň Germaniýada iki gezek duşuşandygy hakynda öňe sürülýän garaýyşlary tassyklady.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp garaýyşlara jogap bermekde gijä galmady.

Twitterden beýanat beren Tramp “Putin bilen gizlinlikde duşuşandygym hakyndaky habarlar asylsyz. Germaniýanyň Federal Kansleri G-20-niň maslahatyna gatnaşýan ýurtlaryň liderlerini we aýallaryny çagyrypdy. Habar beriş serişdeleri muny bilýärdi” diýdi.



Degişli Habarlar