Katar krizisi nähili başlady?

Beýleki tarapdan BAE-niň ABŞ-däki ilçisi Ýusuf Al Uteýbe beren ýazmaça beýanatynda gazediň habaryny inkär etdi

772135
Katar krizisi nähili başlady?

Kataryň hökümetiniň resmi habarlar agentligi QNA-nyň internet saýtyna kiber hüjüm arkaly ýalňyş maglumatlar goşyp, Katar krizisiniň ýüze çykmagyna Birleşen Arap Emirlikleriniň sebäp bolandygy öňe sürüldi.

Amerikanyň Waşington Post gazedinde ýerleşdirilen we adynyň beýan edilmeziligini isleýän ABŞ-nyň Razwedka gullugynyň resmilerine salgylanyp beren habarynda Katar krizisine sebäp bolan etabyň arkasynda BAE-niň bardygy mälim edildi.

Maglumata görä BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň maý aýynda tassyklan meýilnamasyna görä käbir adamlar Kataryň resmi habarlar agentligi QNA-nyň internet saýtyna kiber hüjüm gurady we Kataryň Emiri Şeýh Temim Bin Hamad Al Saniniň adyndan Amerika garşy we Eýrany goldaýan beýanatlar çap etdi.

ABŞ-nyň Razwedka gullugynyň resmileri geçen hepde geçiren soňky barlaglarynda ellerinde bar bolan resminamalaryň kiber hüjüm babatynda BAE-ni görkezýändigi barada umumy pikire geldiler. Emma kiber hüjümi Birleşen Arap Emirlikleriniň özüniňmi ýogsam, bu ýurdyň adyna işleýän başga taraplar tarapyndan edilendigi entek doly anyklanmandygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan BAE-niň ABŞ-däki ilçisi Ýusuf Al Uteýbe beren ýazmaça beýanatynda gazediň habaryny inkär etdi.

Uteýbe ady agzalan öňe sürmeleri ret edip, Kataryň terrory goldaýandygyny ýaňadandan agzap geçdi.



Degişli Habarlar