Ýaponiýanyň ilaty azalýar

Ýaponiýanyň ilatynyň 2016-njy ýylda soňky 50 ýylyň iň pes derejesine ýetendigi mälim edildi

765149
Ýaponiýanyň ilaty azalýar

Ýaponiýanyň Kýodo habarlar agentligi ýurdyň Içeri işler ministrligine esaslandyryp beren habaryna görä ýurdyň ilatynyň artyş derejesi 1968-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi.

Resmi hasabata görä ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlylar hasaba alynman ýagdaýynda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 2016-nji ýyla garanyňda 308 084 adam azaldy.

Täze dogulýan çagalaryň sany 1 milliona golaý hem bolsa, ýylda ýogalýan adamlaryň sany 1 300 000-den hem geçýär.

Iltayň 65 ýaşdan ýokary bolan sany ýurdyň umumy ilatynyň 27,17 göterimine deň bolýan bolsa, 14 ýaşdan kiçi çagalaryň sany bolsa ilatyň 12,69 göterimini emele getirýär.

Takmynan 127 millionlyk Ýaponiýanyň ilaty soňky 8 ýyl bäri azalýar.

Täze dogulýan çagalaryň sany 1970-nji ýyllardan bäri azalýan ýurtda bu derejäniň ilatyň goralmagy üçin 2,07 göterim bolmagy gerek.



Degişli Habarlar