ABŞ täze wiza gadagançylygyny getirdi

ABŞ duşenbe güni Ýokary Kazyýet tarapyndan bölekleýin tassyklanan we ilatynyň esasy bölegi musulmanlardan ybarat bolan 6 ýurtdan täze ýüz tutma etjek raýatlar bilen bagly wiza gadagançylygy güýje girdi

761990
ABŞ täze wiza gadagançylygyny getirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan mart aýynda kabul edilen, emma prokurotura tarapyundan ret edilen wiza gadagançylygy, Ýokary Kazyýetiň bölekleýin tassyknamasyndan soň düýn agşam güýje girdi.

Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň gündogar wagty boýunça sagat 20:00-da güýje giren we 3 aý möhletli gadagançylygyň howa menzillerinde çykgynsyzlyklara sebäp bolmajakdygy, degişli ähli çäreleriň görülendigi habar berildi.

Gadagançylygyň başlan sagatlarynda Amerikan mediasyna beýannama beren ýokary derejeli ýolbaşçy gadagançylyga degişli bolan Siriýadan, Eýrandan, Liwiýadan, Sudandan, Somaliden we Ýemenden edilen täze wiza ýüz tutmalarynda soralýan “garyndaşlyk derejesi” bölümine adaglylygyň hem goşulandygyny aýdy.

Şol özgertme bilen degişli ýurtlardan wiza almak üçin täze ýüz tutanlaryn ABŞ-da kanuny derejede ýaşaýan ene-atasy, ogly ýada gyzy, giýewisi, gelini, adaglysy ýa-da dogany bilen bagly maglumatlaryň seljeriljekdigi habar berildi.

Amerikanyň döwlet sekretarlygy ozalky beýannamasynda ýüz tutanlara “ABŞ-da kimdir bir raýat ýa-da edara bilen organiki baglanşyk” şertiniň goýulandygyny, emma häzirki wagtda güýjüni saklaýan Amerikan wizasynyň eýelerine şeýle şertiň goýulmandygy habar berilipdi.

 

 



Degişli Habarlar